DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döredijilik — döwre ganat

      Döredijilik — döwre ganat
Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramaklarynda düýn Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde oba medeniýetiniň kämilligi», etrabyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Oba medeniýeti we döwür» atly maslahatlar geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, medeniýet we sungat işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Etrabyň ýaşaýjylarynyň, hususan-da, ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň baş hünärmeni Ata Ataýew, şahyrlar Döwletgeldi Annamyradow, Aşyrmät Garlyýew, Oguldöndi Sopyýewa, Annatuwak Kakaýewa, Abdulwahit Seýitmetow, Dädebaý Nartyýew dagy çykyş edip, döwre ganat berýän döredijiligiň adamlaryň ruhy kämilligini pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Kalba joşgun, ýüreklere ganat, belent başlangyçlara, asylly tutumlara rowaçlyk eçilýän, terbiýeleýjilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýan döredijilige ýurdumyzda ýokary baha berlip, onuň gymmatyna türkmen jemgyýetiniň ösüşlerini ilerletmekde aýratynlyk hökmünde garalýar. Onuň şeýledigi Gahryman Arkadagymyzyň kämil eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän mowzuklarda aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Oba milli maksatnamasynyň esasynda şäherler bilen bäsleşýän obalar kemala gelýär. Döwrüň keşbine laýyk derejede özgerýän oba durmuşynda medeniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Milli aýratynlyklarymyzyň we gymmatlyklarymyzyň ählisi ata-babalarymyzyň aňyrdan gelýän ýörelgelerinden, oba medeniýetinden gözbaş alýar. Bu bolsa häzirki zaman dünýäsinde iň wajyp wezipeleriň, şol bir wagtyň özünde ösýän döwrüň derejesine mahsus ünsüň güýçlendirilmegine degişli tutumlaryň hatarynda durýar. Şoňa laýyklykda bu günki gün türkmen obalarynyň keşbiniň zamanabap derejede özgerişi döredijilikli ösüşi ýaly, oba durmuşynyň hem, oba medeniýetiniň hem, oba adamlarynyň hem hatda ýaşlarynyň hem belent galkynyşa beslenýändigi, döwrüň badyna goşulyşyp ýaşaýandyklary anyk-aýdyň görünýär. Bu hakykatlaryň mysallary duşuşyklaryň dowamynda guralan çykyşlarda giň beýanyny tapdy. Şahyrlar maslahatlaryň şygarlaryna, döwrümize mahsus goşgularyny okap berdiler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahatlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Täze taryhy döwrüň beýik işlerine beslenip dowam edýän şanly ýylymyzyň rowaçlykly ösüşleriniň ruhuna mahsus derejede guralan dabaraly maslahatlar döwür bilen oba durmuşyny bitewüleşdirmekde uly çelgi boldy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.