DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sagdyn maşgala — sagdyn jemgyýet

     Sagdyn maşgala — sagdyn jemgyýet
Şeýle şygar bilen häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde wagyz-nesihat maslahatlaryna giň orun berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, etrapdyr şäher guramalarynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän maslahatlar sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, nika bozulmalarynyň öňüni almak, ahlak terbiýesini, maşgala mukaddesligini we milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek, ýokanç hem möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksadyna gönükdirilýär.
Häzirki wagtda şeýle maslahatlar Daşoguz şäherinde hem-de Akdepe, Boldumsaz, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Olara ýerli häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatlaryň dowamynda guralan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda täze taryhy döwrümize mahsus beýik işleriň alnyp barylýandygy, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen söhbet edildi. Şeýle ösýän döwürde döwletiň mizemez sütünleriniň aýawly saklanmagy, halkyň asuda durmuşynyň üpjün edilmegi, ýaş nesilleriň kämil ruhda terbiýelenmegi esasy şert bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, halkymyzyň döwürleriň dowamynda mizemez häsiýet berip kämilleşdirip gelen milli hem gymmatly ýörelgelerinden ugur alyp ösen durmuş gurşawyny emele getirmek, sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň ýurdunda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, aňyrdan gelýän halallyk ýörelgelerimize eýermek, medeniýetli ýaşamagy endik edinmek, ahlak kadalaryny pugta berjaý etmek ýaly häsiýetlerimiziň mizemezligini gazanmak baş maksat bolup durýar. Munuň üçin ýurdumyzda döredilen ähli şertlerden we mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, adam hakdaky aladanyň ýörite konstitusion kada bilen berkidilen berkarar ýurdumyzda ösüşiň tizligine rowaçlyk eçilýän işleriň bilen goşulyşmak her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar. Şol borja ygrarlylyk ýurdumyzda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, hormatly Prezidentimiz bilen halkymyzyň baky bitewüligini üpjün edýär. Çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler hem-de durmuşy mysallaryň üsti bilen çykyşlaryň täsirli bolmagyny gazandylar.
Maslahatlarda şeýle hem möwsümleýin hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly işler dogrusynda gürrüň edilip, pasyllara görä geýinmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ähli kadalary berjaý etmek, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik eseri bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk häsiýetli otlardan demlenen demlemelerden peýdalanmak bilen bagly maslahatlar berildi, wagyz-ündew edildi.
Halkymyzyň baky bagtyýarlygy, döwlet berkararlygymyzyň pugtalandyrylmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.