DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Uzak ýaş — ömre zynat

        Uzak ýaş — ömre zynat
Asyr ýaşy arka atyp, teperrik bolup aramyzda ýaşap ýören ynsanlar bilen duşuşyp, olaryň ykbaly, ýaşaýyş-durmuşy barada makala ýazmaly bolanda, her gezek kalbymy uly tolgunma gurşap alýar. Degişli edaranyň berýän maglumatlaryna ser salyp, uzak ýaşly ynsanlaryň doglan senesine göz gezdirýän pursadymda, nähilidir bir ajaýyp duýga gaplanýan. Asyr ýaş — ömrüň zynaty. Ol döwrüň içinde adam balasynyň başyndan, gör, nämeler geçmeýär?! Durmuşyň kerwen gurap, alyslara uzap gidýän ýolunda gaýmak ýaly tekizligem ýa-da onuň tersine, çarkandagam az bolmaýar. Ol adamy synagdan geçirýär, sabryny, takadyny, kanagatyny terezä salýar. Nähili bolanda-da, katdyň-kamatyň dik, töweregiňde bolup geçýän ýagdaýlary görüp, eşidip, oňa goşulyşyp oturmak, gol doly neberäň arasynda teperrik bolup ýaşamak ynsan üçin hakyky bagtyň özi. Şeýle pikirler ömür menzili asyrdan aşan şol adamlaryň atlarynyň tertibine seredip oturyşyma tutuşlygyna serimi gaplap alýar. Olaryň haýsydyr biri barada makala ýazyp, okyjylara ýetirmeli diýen netijä gelen pursadym, täze bir duýgulara berilýän. Beýnimi «Ýagdaýlary nähilikä?», «Duşuşygymyz nähilidir bir oňaýsyz täsirini ýetirmezmikä?», «Öz dilinden bir zatlar eşidip bolarmyka?» diýen ýaly soraglar gaplap alýar. Bu şu gezegem welaýat merkezimiziň ýaşaýjysy, 108 ýaşy arka atyp, mähek daşy kimin durşy bilen mekdep bolup oturan Saragul Adilbaýewa bilen duşuşmaly bolanymyzda hem, hut şeýle boldy.
Salgysyny alyp baran badymyza, ilki bilen, öýüň rejeli hem arassalygy ünsümizi çekdi. Şeýle öýde ýaşaýan adamyň hem durşy bilen aladalara gurşalýandygy, oňa ýeterlik üns berilýändigi mesaňa görnüp dur. Däliziň ugry bilen barşymyza ene bilen duşuşygymyzyň has ýeňil görnüşde boljakdygyna ynamym has-da berkedi. Agrasdan gelen nurana ýüzli enäniň bize gönügen nazarynda mähir şeýle bir püre-pürdi, hamana köp wagtdan bäri iň bir arzyly adamynyň ýoluna garaşyp, şoňa duşan ýaly. Bu ýagdaý kalbymy şeýle bir joşdurdy, şol pursadyň özünde serimdäki soraglar zym-zyýat boldy. Birnäçe wagt bagryna basyp, ýaňaklarymdan ogşaýan mähriban zenanyň ýyly gujagynda, göýä, dünýäniň bar mazmuny jemlenendi. Döwletli zybanyndan ýagýan ak alkyşlar özi hakda edilýän aladalara, şol aladalaryň başynda duran mähriban ynsanlara — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna syrygýardy.
— Ýaşulym bilen şu ýurda göçüp gelip, mekan tutanyma hemişe guwanýaryn — diýip, ene öwran-öwran gaýtalady. Özboluşly şükranalyga ýugrulan bu jümlelere geň galyjylykly nazarymy enäniň gyzyna gönükdirdim.
— Kakam bilen ejem pensiýa ýaşa ýetip, 1983-nji ýylda Garagalpagystan Respublikasyndan Türkmenistana göçüp gelýärler, şu ýerde öý tutýarlar. Asuda ýurtda, parahat ýaşaýan halkyň içinde abadan ömür sürmek her kimiňem arzuwy-da! Şonuň üçin ejem ömürboýy şükrana ýaşaýar.
1915-nji ýylda Garagalpagystan Respublikasynyň Amyderýa raýonynda doglan Saragul Adilbaýewa bütin ömrüniň dowamynda halal hem tutanýerli zähmete werziş bolup, ene-atasynyň hem, soňra bagtly durmuşynda ýanýoldaşynyň hem göwün maksatlaryny myrada ýetirýär. Köp ýyllaryň dowamynda maldarçylyk fermasynyň ýolbaşçysy bolup işlän, Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezip, zähmet weterany hökmünde il-günüň içinde belent abraýdan peýdalanyp gezen Erdaş Adilbaýew bilen iki ogul, üç gyz perzendi kemally edip terbiýeläp, il hataryna goşýar. Häzirki wagtda Saragul enäniň sekiz agtygy, iki çowlugy bar.
Ykbal ynsan balasyny sabyr terezisine salyp synagdan geçirýär. Bu synag Erdaş bilen Saraguldan hem sowlup geçmeýär. Perzent dady ilkibaşda bularyň bagtyýar durmuşyny hasrata doldurýar. Yzly-yzyna üç çaganyň ele tutulandan soňra ene-atany terk etmegi bazara meňzeş ojagyň gyzygyny gaçyrýar. Bir-birine egin diräp, bir-birine ýagşydan-ýagşy sözleri bilen teselli bolýan garabagyr ynsanlar 1964-nji ýylda özleri üçin elýetmez bagta öwrülen gowulygyň eýesi bolýarlar. Maşgalada dünýä inen gyz perzent jübütleriň ojagyna ýene-de bagt nuruny alyp gelýär.
— Durmuşyň her hili kötelli ýoluna az duçar bolmadyk. Kynçylyklaryň bizden sowlup gitjekdigine umyt bagladyk. Hudaýa şükür, bal günlerimizem köp boldy. Ýaşulym bilen örän bagtly ýaşadyk. Bir-birimizi aýap gezdik. Onuň yhlasy güýçli eken, ynha, häzirem bal günde ýaşap otyryn — diýip, Saragul ene hakyda düwünçegini dörjeläp, durmuş öwrümleri barada gürrüň berdi.
Enäniň agras keşbi gürrüňe başlanda gül-gül açylyp, hoşamaý ýagdaýa geçýär. Bu hem bize onuň ykbaly barada gyzyklanmalarymyza jogap tapmaga uly mümkinçilik berdi. Umuman, Saragul enäniň asyr aşan ömri, köplenç, diňe gowulyklara ýar bolupdyr. Onuň hem ýanýoldaşy bilen arasyndaky mizemez agzybirligiň netijesi bilen düşündirilýändigi mese-mälim duýlup dur. Ene ýaşadygyňça ýaşasyň gelýän döwre guwanýar, parahat ýurdumyzyň, abadan durmuşymyzyň gadyryna ýetjek gymmatyň ýokdugyny öwran-öwran gaýtalaýar. Şeýle senaly sözler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň, hakykatdan-da, dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekanydygyna bolan buýsanjyňy artdyrýar.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.