DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bitaraplyk — parahatlyk mukamy

      Bitaraplyk — parahatlyk mukamy
Şeýle buýsançly şygar astynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly senesini dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda aýdym-sazly maslahat geçirildi. Maslahata birleşmäniň işgärleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat ugry dünýä jemgyýetçiliginde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmekde, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda taryhy ähmiýete eýedir. Geçen gysga döwrüň içinde Türkmenistan özüniň baky Bitaraplygynyň esasynda tutuş dünýäde parahatçylygyň nurana şuglasyny ýaýýan ýurt hökmünde abraýyny beýgeltdi. Onuň şeýledigini ýurdumyzyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylýandygynyň we onuň esasynda taryhy Kararnamalaryň köp sanlysynyň kabul edilendiginiň mysallary arkaly hem delillendirmek bolýar. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler hem-de şeýle beýik işleriň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary onuň şowhunyny artdyrdy hem-de mazmunyny baýlaşdyrdy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.