DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bäsleşigiň şäher tapgyry

     Bäsleşigiň şäher tapgyry
Daşoguz şäheriniň Bagtyýar zaman medeniýet öýünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň TMÝG-niň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Merdana nesil — 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, şäherdäki umumybilim berýän mekdepleriň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar özara bäsleşdiler. Şadyýan oglanjyklar halkymyza mahsus merdanalygy, gaýduwsyzlygy, ata Watanymyza bolan belent söýgini, pederlerimiziň şöhratly taryhyna, heňňamyň synagyndan geçen synmaz ruhuna bolan sarpany, ýaşajyk kalplaryna ylham berýän beýik döwrümiziň ajaýyplyklaryny şahyrana setirleriň, edebi-sazly çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen şorta sözler, şowhunly aýdymlar has-da täsirli boldy. Bäsleşigiň netijesine görä, Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Halmyrat Dowulow birinji, 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Azat Rejepow ikinji orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we baýraklar, täsirli çykyşlary bilen tapawutlanan çagalar bolsa höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.