DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Buýsanja beslenen maslahat

       Buýsanja beslenen maslahat
Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi hem-de ýaşlaryň uly toparyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, sport ulgamynyň işgärleri, ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, Ýaşlar baýragynyň eýeleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem halkara guramalar bilen alyp barýan işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bu günki gün Ýer ýüzünde abraý-mertebesiniň has-da beýgelmegine uly esas döredendigini belläp, ata Watanymyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagynyň halkara sport hyzmatdaşlygynda ýurdumyzyň soňky ýyllarda uly üstünlikleri gazanýandygynyň anyk netijeleri bolup durýandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýaşlaryň ornuny pugtalandyrmaga, dürli ugurlar boýunça tagallalary birleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredendigi barada täsirli söhbet etdiler. Forumyň çäklerinde geçirilen birnäçe çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Taryhy günlerde ýurdumyzyň dürli ugurlarda tapawutlanan zehinli ýaşlarynyň uly toparyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada ýürek buýsançlary beýan edildi. Bu baýraga biziň welaýatymyzdan hem ýaşlaryň altysy, ýagny Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň radio we ses bölüminiň başlygy Saparmyrat Ilamanow, Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky şäherçesiniň Ata-ýap medeniýet öýüniň tans goýujysy Humar Kadyrowa, TOHI-niň 3-nji ýyl talyby Ramazan Nurýagdyýew, 5-nji ýyl talyby Mährijemal Amanowa, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy Enejan Meredowa, Boldumsaz etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Daýanç Durdynepesow dagy mynasyp boldular. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhyna zer ýazgylary bolup girjek bu wakalaryň döwletimiziň bagtyýar şu gününiň we eşretli ertirleriniň hatyrasyna durmuşa geçirilýän belent tutumlarynyň hataryny artdyrandygy barada aýdylyp, şeýle beýik işleriň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.