DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bagtyýarlyk — baky buýsanjym

     Bagtyýarlyk — baky buýsanjym
Şeýle at bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli welaýat Medeniýet müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher geňeşleriniň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda surat çekmek we sergi bäsleşigi geçirildi.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen bu bäsleşige Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary, muzeý işgärleri gatnaşdylar. Serginiň dowamynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň direktorynyň orunbasary Baýram Seýidow dagy çykyş edip, sergide ýerleşdirilen suratlara baha berdiler. Eminler topary çagalar çeperçilik mekdebinde okaýan okuwçylaryň synplary boýunça ýeňijileri yglan etdiler. Ýeňijilere Daşoguz şäher çeperçilik mekdebiniň Hormat hatlary we TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.