DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

«Ýylyň okyjysy» bäsleşiginiň welaýat tapgyry

     «Ýylyň okyjysy» bäsleşiginiň welaýat tapgyry
Welaýat Medeniýet müdirliginiň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Ýylyň okyjysy» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Welaýat kitaphanasynda geçirilen bu bäsleşige deslapky tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 18 ýaşa çenli we 18 ýaşdan ýokary okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmuny, okan kitaplary we olaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle-de dana Pyragynyň goşgularynyň birini ýatdan aýtdylar. Ýaş aýratynlyklary boýunça okyjylaryň arasynda Şabat etrabynyň medeniýet merkeziniň tans artisti Nurmyrat Aşyrow, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Söýün Nazarmedow, Görogly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy Kakajan Pirjanow, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň medeniýet öýüniň işgäri Hudaýberen Baýramow dagy has-da tapawutlandylar. Tapawutlanan okyjylara we gatnaşyjylaryň ählisine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.