DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gümrük gözegçiligi — möhüm wezipe

     Gümrük gözegçiligi — möhüm wezipe
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň welaýat gümrükhanasynyň guramagynda eksport gümrük amallaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýat gümrükhanasynyň, «Türkmenistandartlary» Baş döwlet gullugynyň welaýat gullugynyň, «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň welaýatymyzdaky edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri Agöýli Nyýazow, gullugyň ýanyndaky okuw merkeziniň müdiri Guwançmyrat Myradow, şu merkeziň hünärmeni Baýramgeldi Atagulyýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha giňelýändigi, munuň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy, şonuň bilen birlikde-de, gümrük gullugynyň hem-de beýleki degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň öňünde has-da jogapkärli wezipeleri goýýandygy hakynda aýtdylar.
Maslahatdaky çykyşlardan belli bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek, onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça derwaýys işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde gümrük edaralarynda, nokatlarynda döwrebap enjamlar, netijeli usullar ornaşdyryldy. Bu bolsa olaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň kämil derejede bolmagyny üpjün edýär. Şonda Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň, täze kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň doly hem-de dogry ulanylmagy örän zerurdyr. Olar daşky söwdany, ulag logistikasyny ösdürmäge düýpli ýardam berýär. Okuw maslahatynyň dowamynda önümleri, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek we beýlekiler barada pikir, tejribe alşyldy, gyzyklandyrýan sowallara jogap berildi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.