DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Döwranly döwre buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji şatlykly pursatlaryna şärik bolmak berkarar döwletimizde uly bagtdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary durmuş hakykatyna öwrülip, halkymyza ajaýyp pursatlary bagyşlady. Şeýle bagtly pursatlaryň biri Hak sylagyna mynasyp bolan 116 ýaşly mährem enemiz Sarygül Mätiýewanyň bagtyýar ojagynda bolup geçdi. Golaýda TKA-nyň Akdepe etrap birleşmesiniň agzybir işgärleriniň oňa ýörite taýýarlan sowgatlaryny gowşurmaklary mährem enäniň şatlygyny goşalandyrdy.
Eneleri sarpalamak, olaryň mertebesini belende götermek halkymyzyň asylly ýörelgesidir. Kalby dünýä ýaly giň, mähri umman deýin çuň mährem enäniň şatlygyny göreniňde, ata Watanymyzda ynsan mertebesiniň döwlet derejesinde belent tutulýandygyna buýsanjyň artýar.
Şatlykly gün mynasybetli ogul-gyzlaryny, 43 agtygyny, 96 çowlugyny, 8 ýuwlugyny bir ýere jemlän mährem enäniň döwletli ojagy kiçiräjik toý döwresine meňzeýär. Gol doly nesil-neberesiniň mähirli gutlaglary enäniň göwnüne ganat bitirýär, olaryň bagtyýarlygy ömrüne ömür goşýar. Şeýle ajaýyp zamanada bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna bolan buýsanç dili senaly enäniň zybanynda alkyşa öwrülýär. Sarygül enäniň ýurdumyzyň abatlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy baradaky guwançly sözleri kalbyňda çäksiz hoşallygy oýarýar.
Asyrlyk ömri arka atan Sarygül enäniň şol pursatdaky alkyşly sözleri döwrümize buýsanç bolup ýaňlanýar: «Şeýle ajaýyplyklary görmek, oňa guwanmak bu günki gün meniň üçin egsilmez bagt. Eneleriň sarpasyny belent tutýan, halkymyzy agzybir, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!».
Mährem enäniň ýürekden aýdýan alkyşly sözleri döwranly döwre buýsanç bolup ýaňlandy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.