DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýylymyzyň şygary — kalplarymyzyň owazy

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda şanly ýylymyza bagyşlanyp «Ýylymyzyň şygary — kalplarymyzyň owazy» atly dabaraly maslahat geçirildi.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen maslahatda birleşmäniň hünärmenleri we işjeň agzalary çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy, aýratyn hem, dana Pyragynyň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleri uly buýsanç bilen bellediler. Mundan başga-da, akyldar şahyryň nakyla öwrülen dürdäne setirleriniň ýaşlary terbiýelemekde uly gollanmadygyny aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkyny söz ussady Magtymgulynyň garaşan ajap eýýamynda bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.