DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Aýdym-sazly dabara

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan aýdym-sazly dabaralar, wagyz-nesihat çäreleri we maslahatlar uly ruhubelentlige beslenip, bagtyýar raýatlarymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda okuw mekdebiniň mejlisler zalynda «Ady äleme dolan Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hem baý mazmuna eýe boldy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan ajaýyp şygyr setirini şygar edinen ýylyň belent ösüşlere, ajaýyp üstünliklere beslenjekdigi hakynda buýsanç bilen nygtadylar. Çykyşlarda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilen beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bütin dünýäde dabaralandyryljakdygynyň ýylyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini has-da artdyrýandygy hakynda aýdyldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.