DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ady dünýä dolan beýik Pyragy

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly döredijiliginiň, gyzyldan gymmatly şygyrlarynyň bu günki gün diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilmegi dana şahyryň mertebesiniň has-da belentdigini görkezýär.
Golaýda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle-de, akyldar şahyryň döredijiligini has-da içgin öwrenmek ugrunda edilýän işleri talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ady dünýä dolan beýik Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen duşuşykda welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň usulçysy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Tirkeş Hümmiýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Dädebaý Nartyýew, TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň hünärmeni Kemal Sabyrow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Aýgözel Atajanowa, Şabat etrap medeniýet bölüminiň işgäri, şahyr Nurmyrat Aşyrow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Maýsagözel Amangeldiýewa, talyby Güljahan Arazmyradowa dagy çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň uly terbiýeleýjilik mekdep bolup hyzmat edýän şygyrlarynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olara halal zähmet çekmegi ündemekde uly gollanma bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de geçen ýylyň oktýabrynda Magtymguly atamyzyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşulandygy, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi türkmen halkynyň beýik danasy Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýurtlary, halkara guramalar tarapyndan öwrenilýändiginiň we oňa uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Çykyşlarda bir-birinden zyýada gelýän ajaýyp ýyllaryň biri boljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem belent tutumlara, uly dabaralara beslenjekdigi buýsanç bilen bellenildi. Mundan başga-da, şu ýylda Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde dikilen uly heýkeliniň açylmagynyň meýilleşdirilmegi, geçen ýylda «Magtymgula tagzym» atly ajaýyp kitabyň halkymyza gowuşmagy şahyryň sarpasynyň belentde tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döredijilik duşuşygyndaky çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyzyň dana Pyraga bagyşlap ýazan goşgy setirleri öz aýdyň beýanyny tapyp, duşuşygyň has-da täsirli bolmagyna, many-mazmunynyň artmagyna ýardam etdi. Dabaranyň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň beýik akyldaryň şygyrlaryna döredilen aýdym-sazly çykyşlary hem guraldy.
Ady dünýä dolan beýik Pyragynyň döredijiligini ýokary derejede sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlar belentden ýaňlandy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.