DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Şanly ýylyň şanyna

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň, welaýat Döwlet arhiwiniň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Bolup şygryýetiň baky çyragy, Magtymguly nurlandyrdy ýakynlary, yragy» atly şygar astynda maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň turuwbaşdan uly dabaralara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Magtymgulynyň dünýä belli şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, many-mazmuna ýugrulan döredijiligini dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada çykyşlarda nygtaldy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar dana Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.