DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Zenanlar bäsleşdiler

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda TZB-niň Merkezi geňeşiniň we TKA-nyň Milli merkeziniň zenanlaryň arasynda yglan eden «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.
Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkeziniň mejlisler zalynda geçen bäsleşikde çykyş edenler ajaýyp eserden parçalary labyzly okamak, kitapda beýan edilýän amaly-haşam sungaty, däp-dessurlar, çeper el işleri, milli keşdeçilik, halyçylyk sungatynyň inçe syrlary, bu babatda zenanlar tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek, ýaşlara bagyşlanan gymmatly eseriň halkymyza gowuşmagy bilen baglanyşykly ajaýyp pursatlary goşgynyň, aýdymyň hem-de dessanyň üsti bilen joşgunly wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda çykyş eden ýaş zenanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlaryň durmuşyndaky orny barada özlerinde galan täsirleri beýan etdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere ony guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.