DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

«Ýylyň zenany — 2024»

Mähribanlygyň işjeňlikdäki beýany
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýylyň-ýylyna yglan edýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry şäherdäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Oňa gatnaşan zenanlar bellenen ugurlar boýunça özleriniň mümkinçiliklerini açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň zenanlaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, olaryň döwür bilen arabaglanyşygyny berkitmekde aýratyn ähmiýeti bar. Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna gatnaşan zenanlar bellenen şertlere laýyklykda, Berkarar döwletimizde el hünärini dikeltmekde we kämilleşdirmekde, ýaş nesli halal zähmete ygrarly, Watana wepaly edip terbiýelemekde, gujurly hem tutanýerli zähmeti bilen ýokary guramaçylyk ukybynyň, harby we hukuk goraýjy ulgamda işjeňligiň belent nusgasyny görkezmekde başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Bäsleşik turuwbaşdan baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Zenanlar bagtyýar döwrümizde özleri hakda edilýän tagallalara işjeňligiň döwrebap nusgasyny görkezmek bilen jogap berýändiklerini aýan etdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň çykyşlary hemmelere ruhy lezzet paýlady.
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Görogly, Şabat etraplarynyň medeniýet merkezlerinde geçirilen etrap tapgyrlary hem ýokary ruhubelentlige beslendi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.