DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Beýik akyldara bagyşlandy

Golaýda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Arkadag hem Pyragy — köňülleriň şamçyragy» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň edebi hazynasyna we dünýä medeniýetine uly goşant goşan dana Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar türkmen halkynyň dana şahyryň arzuwlan zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýandygy, bu gün halkymyzy dünýä ýüzüniň tanaýandygy barada çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp ýazylan goşgular okaldy. Ajaýyp döwrümizde dana Pyraga goýýan çuňňur sylag-sarpasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlar beýan edildi.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.