DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Göwni joşgunly ýaşlar

Golaýda «Arkadagly Gahryman Serdarly göwni joşgunly ýaşlar» ady bilen welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynda edilen çykyşlarda şanly ýylymyzyň şygarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgy setirleri bilen bagly bolmagynyň çuň many-mazmuna eýedigi, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge ýokary derejede görülýän taýýarlyklar dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly eserleriniň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi barada nygtap geçdiler. Häzirki ajaýyp döwrümizde dana şahyrymyzyň edebi mirasyny, döredijiligini öwrenmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda düýpli işler alnyp barylýar. Çykyş edenler bular dogrusynda hem belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan we olaryň döredijiligini ýaş nesillere ýetirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn köňüllerden joşup çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.