DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dabaraly maslahat

Welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda şanly ýylymyzy dabaralandyrmak maksady bilen, «Pyragynyň pähiminden galkynan Diýar, üç ýüz ýyllyk şanly toýuna barýar» atly dabaraly maslahat geçirildi.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, dana Pyragyny sarpalamak, onuň çeper döredijiligini has-da içgin öwrenmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň möhüm ähmiýetini bellediler. Bagtyýar döwrümizde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary watansöýüjiligiň, agzybirligiň, jebisligiň ýaňy bolup, geljekki ýaş nesilleri terbiýelemekde, ynsanlara ýagşylygy ündemekde uly mekdep bolup hyzmat edýär. Çykyş edenler bular barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşanlar döwletli döwrany peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.