DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Halypalar ýaşlaryň arasynda

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, şeýle hem ýaşlaryň arasynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini wagyz etmek maksady bilen, halypa ýazyjy-şahyrlaryň ýaş döredijiler, şahyr ýaşlar bilen geçirýän duşuşyklary şanly ýylymyz mynasybetli guralýan dabaralaryň mazmunyny baýlaşdyrýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň welaýat häkimligi we welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda Görogly etrap medeniýet merkezinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Şeýle hem duşuşygyň çäginde «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Bagtyýarlyk ylhamy» atly gepleşigiň ýazgysy edildi. Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýew hem-de «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew welaýatymyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bilen duşuşdylar. Ýaş şahyrlar Nurmyrat Aşyrow, Nazar Hanmedow, Tumar Kiçibalowa, Annabeg Aşyrowa şanly ýylymyzyň şanyna döreden goşgularyny okadylar.
Gatnaşyjylaryň halypa şahyrlara Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly sowallar bilen ýüzlenmekleri has-da täsirli boldy. Beýik şahyrymyzyň sözlerine döredilen aýdymlar duşuşygyň şowhunyny artdyrdy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.