DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Täsirli geçen maslahat

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda, şu bank şahamçasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan guwandyryjy netijeleriň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda turuwbaşdan bolup geçýän ajaýyp wakalaryň, gazanylýan üstünlikleriň halkymyzy guwandyrýardygy we buýsandyrýandygy bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy iki ýylyň sepgidinde aýratyn ähmiýetli waka boldy. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ähli ugurlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, olaryň bagtyýar geljegi barada buýsanç bilen gürrüň berilýär. Munuň özi diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem hemmeleriň başyny göge ýetirýär, ertirki güne ynamyny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky çäksiz aladalary olaryň her biriniň okamaga, işlemäge, hünär öwrenmäge mümkinçiliklerini artdyrýar. Şular barada maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda nygtaldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.