DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Dabaraly duşuşyk

«Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir» ady bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen duşuşyga mekdebiň talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Dabaraly duşuşykda çykyşlara uly orun berildi. Onda şanly ýylymyzyň turuwbaşdan taryhy ähmiýetli ýatda galyjy wakalara beslenýändigi, ylaýta-da, ýaş nesliň okamagy, gurmagy, döretmegi ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusynda, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň ähmiýeti, ýagny ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, halal zähmet çekmäge ruhlandyrmakda uly gymmata eýedigi nygtalyp geçildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.