DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Işjeňligiň döwrebap nusgasy

Golaýda zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça olaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitleri, üstünlikleri, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesillerimizde milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek we wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän bagtyýar zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýylyň dowamynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda has uly üstünlikler gazanan zenanlar bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda çykyş edip, dürli ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň müdiri Haljan Arazmedowa, «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugurda Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň folklor režissýory Gözel Nedirowa, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz şäheriniň 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Merdana Rahimbaýewa, «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň uly gözegçisi Maýagözel Amanýazowa, «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Görogly etrabynyň «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Atajykowa, «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, telekeçi Jemal Amanowa dagy tapawutlanyp çykyş edip, ýeňişli orna mynasyp bolmagy başardylar we şu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan zenanlara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň dowamynda welaýat Medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparynyň çykyşlary guraldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.