DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Oba hojalyk tehnikalarynyň ekiş möwsümine taýýarlygy

Häzirki wagtda ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şu günlerde çizelleriň, azallaryň, ýer tekizleýjileriň, malalaryň, boronalaryň, ekijileriň, dökün sepijileriň, şeýle hem dürli kysymly traktorlarynyň ählisine kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur tehniki hyzmatlar edilýär. Abatlaýjy ussalar her bir guralyň talabalaýyk bejerilmegi, möwsümde saz işledilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň agzybir işçileri bu babatda alnyp barylýan işleri her gün ýokary netijeler bilen jemleýär. Ýazky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy ekişiň bellenen wagtda geçirilmegine mümkinçilik berer.

 

 

Goçakow Hanjar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa
we oba hojalygyny mehanizmleşdrmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby