DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Jogapkärli möwsüme Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlamak bellenildi. Düýn welaýatymyzyň Ruhubelent etrabyndaky Aşyk Aýdyň piriň adyny göterýän daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda hormatly ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda pagtaçylyk milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, pagtany gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu bolsa pudagyň depginli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasynyň öň ýanynda welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda welaýatymyzyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow çykyş edip, gowaça ekişine girişýän oba hojalyk işgärlerini ajaýyp waka bilen gutlady. Soňra il sylagly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen başlanýan ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar, kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi we beýleki guramaçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan 275 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Ekişde gowaça tohumynyň welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän, köp hasyl berýän «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «Gubadag — 3», «149-F» ýaly görnüşleri ekiler.
Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra il sylagly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu ýerde olara geçmişde ata-babalarymyzyň döreden ekerançylyk däpleri hakynda täsirli gürrüň berildi.
Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynda gowaça ekişine bagyşlanan tejribe okuw sapagy geçirildi. Oba hojalyk ugrundan bilim alýan ýaşlara gowaça ekişini geçirmegiň ylmy ähmiýeti hakynda gyzykly maglumatlar berildi.
Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylar soňra Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna geldiler. Gowaça ekişine başlanjak ekin meýdanynyň töwereginde dikilen ak öýler, oba hojalyk we dokma senagatynyň ösüş depginlerini görkezýän sergiler köpleriň ünsüni özünde jemledi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen satyn alnan döwrebap tehnikalaryň görkana hatary pudagyň tehniki üpjünçiliginiň ýylsaýyn berkidilýändigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda sanly ulgam esasynda dolandyrylýan gowaça ekijileriň birnäçesi satyn alyndy. Döwrebap gowaça ekijileriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini hem bellemek gerek.
Dabaranyň geçirilýän ýeri türkmen obasynyň keşbinde bezelipdir. Çarwa durmuşy, milli öý-ojak mukaddesligi döwrebap derejede görkezilýär.
Soňra bu ýerde hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi. Ata Watanymyzyň rowaçlygy, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi hem-de daýhanlarymyzyň tohumlarynyň müňlemegi dileg edilip, topraga ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Alkyşly sözler, mähirli gutlaglar bilen birek-biregi gutlap, bu asylly işlere uly ruhubelentlik bilen badalga berildi.
Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky, şeýle hem oba hojalyk pudagyny üýtgedip guramak baradaky taryhy çözgütleri şanly ýylda edermen daýhanlarymyzyň yhlasly işlemäge bolan höwesini artdyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen şöhratlanýan şanly ýylda welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem öňde goýlan belent sepgidi eýelemek ugrunda yhlasly zähmetini gaýgyrmajakdyklaryny buýsanç bilen gürrüň berýärler.
Bu ýerde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp döwrümizi, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini joşgunly wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç, gowaça ekişiniň ugruna bolmagy dileg edilip, agzaçar sadakasy berildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.