DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Sanly ulgam ýaşlaryň durmuşynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini, taryhy çykyşyny we internetiň durmuşdaky ornuny hem-de ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny wagyz etmek maksady bilen, golaýda «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly maslahat geçirildi.
Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow, TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi Bilbil Saparowa dagy çykyş etdiler.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap durmuşynyň üpjün edilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen bellenip geçildi. Şu ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Maksatnamada bellenen wezipeler barada jikme-jik durup geçmegi we olaryň halkymyz, şol sanda ýaşlar üçin ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Durmuşymyza internetiň giňden ornaşmagy, ähli ugurlar boýunça sanly ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanylmagy, oňa ýaşlaryň gatnaşygy, bu ugurda mundan beýläk ýerine ýetirilmeli işler, ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, kämil bolup ýetişmekleri, dürli nogsanlyklaryň, ýaramaz endikleriň öňüni almak babatda hereket edýän kanunçylyklaryň taraplary, ýurdumyzyň çäginden daşarda bolmagyň, girip-çykmagyň talaplaryny öz içine alýan kadalary doly bilmek we dogry ýerine ýetirmek barada täsirli söhbet edildi. Durmuşy mysallara salgylanylyp edilen çykyşlar ýokary täsirliligi, baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy.
Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň baky bagtyýarlygy, ýaşlaryň bagtly durmuşy ugrunda beýik işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Şeýle mazmundaky maslahat Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde we işjeň ýagdaýda geçirildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.