DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ekoulgamyň möhüm çägi

Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň BMG-niň ýurdumyzda hereket edýän «Köp sanly bähbitler üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini, aýratyn ähmiýetli ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasy bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalarynyň, maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň baş hünärmeni Şöhrat Mämmedow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory Pirli Kepbanow, şu institutyň ylmy işgärleri Serdar Rozyýew, Mihail Nikolaýew, BMG-niň taslamasynyň hünärmeni Gözel Atamyradowa, welaýatymyzdaky utgaşdyryjylary Akmyrat Gardaşow, Aýnabat Ataýewa, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Arazmyrat Amanow, «Ekodurmuş» ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmeni Kasym Jumaýew we beýlekiler çykyş etdiler.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy bolan oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan maldarçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Şonuň netijesinde, maldarçylyk hojalyklarynyň, mallaryň sany artyp, önümçiligi ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de, ýurtda öri meýdanlarynyň ägirt uly möçberleriniň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Başgaça aýdylanda, olar 39 million gektara golaý meýdany tutýar.
Tebigy öri meýdanlary dowardarçylygy, düýedarçylygy alyp barmakda esasy iýmit çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin hem olary rejeli peýdalanmak, goramak, suwlulandyrmak, çölleşmesiniň öňüni almak we beýleki ugurlarda zerur çäreleri amala aşyrmak esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Çünki olaryň ählisi öri meýdanlarynyň zaýalanmagyna garşy gönükdirilýär. Bu barada «Türkmenistany 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» anyk çäreler bellenilýär. Olaryň esasy Türkmenistanyň «Ýer hakynda» bitewi Kanuny hem-de Türkmenistanyň «Öri meýdanlary hakynda» Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary bilen berkidilendir.
Tebigy öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmakda onuň ot, suw mümkinçiliklerini hasaba almagyň, howanyň üýtgemeginiň olara täsirini öwrenmegiň we degişli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi gurakçylyk ýa-da başga şertlerde mallaryň ýitgisiniň öňüni almaga, şonuň bilen birlikde-de, tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegine mümkinçilik berýär.
Elbetde, Türkmenistan BMG-niň çölleşmäge garşy göreşmek, howa şertleriniň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek we beýleki Konwensiýalaryny goldamak bilen, bu ugurlarda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Bu barada aýdylanda, Garagum çölüniň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegini, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aralýaka sebitinde tokaý zolaklaryny, çöl ösümlikleriniň meýdanlaryny kemala getirmek, öri meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri mysal getirmek bolar. Bu babatda halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri berýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.