DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Watan gahrymanlaryna buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Baýrammyrat Allanazarow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, harby gullukçy, kapitan Agajan Çaryýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 1418 günläp dowam eden gazaply uruşda türkmenistanly gerçekleriň hem dürli harby birikmelerde, atyjylyk brigadalarynda, atly diwiziýada gaýduwsyzlygyň hem edermenligiň belent nusgasyny görkezendiklerini, köp sanlysynyň «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent ada, söweş ordenlerine we medallaryna, urşa gidenleriň yzynda galyp, tylda zähmet çekenleriň «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenlik zähmeti üçin» diýen medala mynasyp bolandyklary dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Häzirki bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asylly ýörelgelere eýerilip, öz Watan gerçekleriniň merdanalyk mekdebini ýörelge edinip, bedew batly ösüşler bilen ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan mähriban halkymyzyň milli gahrymanlaryna guwanýandygyny nygtadylar.
Dabaranyň dowamynda welaýat Medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň, mekdep okuwçylarynyň, çagalaryň bagtyýar durmuşymyzy, dost-doganlygy, Watan gahrymanlaryny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Monitorda uruş ýyllaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Dabara gatnaşanlar Ýeňiş baýramy mynasybetli guralan giň gerimli sergä syn etdiler.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.