DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Merdanalygyň beýik nusgasy

Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalary halkymyzyň toýly günleriniň hataryny artdyrýar. Tutuş adamzadyň taryhynda baky yz goýan, gerçeklerimiziň ata Watanyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup gazanan ýeňşiniň şanly sene bilen giňden dabaralandyrylmagy pederlerimiziň merdanalyk mekdebine mizemez hormatyň baky nusgasy bolup durýar.
Ýeňiş güni tutuş adamzat tarapyndan parahatçylygyň hem watansöýüjiligiň baýramy hökmünde uludan toýlanylýar. Bu biziň berkarar Watanymyza hem mahsus bolup, 1418 gün dowam eden 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşe edermenlik mekdebini nusga goýan ildeşlerimiziň hem mynasyp goşantlary bar. Gazaply ýyllarda söweş meýdanlarynda batyrgaýlygyň, mertligiň, Watana wepalylygyň nusgasy bolup, şirin janyny orta goýup söweşen watandaşlarymyzyň yzynda galyp, tyl zähmetinde nusgalyk işleri bilen Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan gyz-gelinleriň, uly ýaşly adamlaryň, ýetginjekleriň edermenligi bu günki gün ösüp barýan ýaş nesle görelde mekdebi bolup durýar.
Ýeňşiň gazanylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşan watandaşlarymyzyň görkezen edermenligi gahrymançylygyň belent nusgasy bolup durýar. Bu günki gün olaryň hatyrasy belent tutulýar, hormat bilen sarpalanýar. Şirin janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimiziň atlary «Hatyra», ýeňiş bilen sag-aman öz iline dolananlarynyň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda ebedileşdirildi.
Ata Watanymyzyň mukaddes topragyny goramakda şirin janyny orta goýup söweşen gerçekleriň hatarynda welaýatymyzdan hem ildeşlerimiziň 30 müňe golaýy gaýduwsyzlyk görkezdiler. Watançylyk urşuna gatnaşan, ýeňiş bilen dolanyp gelen ildeşlerimiziň hatarynda häzirki wagtda merdanalyk mekdebiniň belent nusgasy bolup, aramyzda ýaşap ýören, Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjylary Köşek Soltanmyradow bilen Ýezek Urazow dagy uludan-kiçi hemmeleriň belent hormaty bilen sarpalanýarlar.
Meýletin arzasy bilen 1943-nji ýylda hemmeleriň hatarynda «toýa barýan» diýip, söweş meýdanlaryna ugran 18 ýaşly Köşek Soltanmyradow aňtaw rotasynda gulluk edip, köp sanly obadyr şäherleri duşmandan azat etmekde uly edermenlik görkezdi.
Ýezek Urazow hem 1943-nji ýylda urşa gidip, atyjylyk rotasynda gulluk edýär hem-de köp sanly ýowuz söweşlere gatnaşýar.
Ýeňiş bilen ata Watanymyza dolanyp gelen bu merdana ildeşlerimiz häzirki wagtda asyr ýaşy tegeläp, özleriniň neberelerine, bagtyýar durmuşymyza, özleri hakdaky tükeniksiz aladalara, şol gowulyklaryň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden guwanýarlar, buýsanýarlar, alkyş aýdýarlar.
Golaýda bu merdana gerçeklere welaýat häkimliginiň, welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.