DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi.
Bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, waspy dünýä ýaň salan halyçylyk sungatymyza, zähmete bolan söýgini kemala getirmek ýaly asylly ýörelgeleri maksat edinýär.
Gurnaklary düzýän okuwçy gyzlar, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän haly gurnagyny wasp etdiler, haly önümleriniň gutarylmadyk nagşynyň belli bir bölegini çitip, nagşy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabyna salgylanyp, türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgulary, çeper sahnalary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülçeper Dädemyradowa 1-nji, Görogly etrabyndaky 1-nji mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Maýsa Bäşimowa 2-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kümüş Garahanowa 3-nji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we ähli gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.