Türkmen halky dünýä medeniýetine, sungatyna uly goşant goşan, beýik taryhy şahsyýetleri öňe çykaran halkdyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhda yz goýan şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek, olaryň bitiren işlerini çuňňur öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär.
Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede, giňden bellenilmegi beýik şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolar. «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy, oňa bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitaby Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygyny görkezýär Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.
Şirowa Merjen
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby