DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň, daýhanlar üçin döredýän oňaýly şertleriniň netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň bugdaý meýdanlarynda bereketli hasyl kemala getirilýär. Şonuň bilen birlikde, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamak üçin taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Golaýlap gelýän şeýle jogapkärli möwsüme Akdepe etrabynyň bu ugra dahylly edara-kärhanalarynda, daýhan birleşiklerinde hem ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Şeýlelikde, bu ýerde bugdaý oragynda ulanyljak tehnikalary, galla kabul ediş bölümlerindäki şertleri, ekin meýdanlarynyň töwereklerini gözden geçirmek, kemçiliklerini düzetmek boýunça derwaýys çäreler göwnejaý amala aşyrylýar.
— Öňde duran möwsümde etrabymyz boýunça 35 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek meýilleşdirilýär — diýip, TAP-niň etrap komitetiniň başlygy Altybaý Allabaýew aýtdy: — Munuň özi bu möhüm işe hemmetaraplaýyn taýýarlykly barylmagyny talap edýär. Sebäbi oragyň bökdençsiz dowam etdirilmegi, hasylyň harmana çalt, zaýasyz getirilmegi kombaýnlaryň, bugdaýy daşajak awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň, däne saklanylýan ammarlaryň taýýarlygyna bagly bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, etrabymyzda möwsüme taýýarlyk çärelerine aýratyn üns berilýär.
Belli bolşy ýaly, şu ýylyň galla oragyny talabalaýyk alyp barmakda esasy wezipe etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kombaýnçylarynyň, olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän adamlaryň üstüne ýüklenilýär. Şoňa görä-de, olar häzirki günlerde özlerine berkidilen kombaýnlary, ulaglary möwsüme taýýarlamak, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmek baradaky işleri durmuşa geçirýärler.
Berlen maglumatlara görä, şu ýylyň bugdaý oragy möwsüminde etrap boýunça 84 sany kombaýnyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulyp, olar öz işinde ýeterlik tejribesi bolan hünärmenlere berkidilipdir. Olaryň arasynda Hojamyrat Babaýew, Röwşen Haýydow, Azamat Haýytbaýew we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň kombaýnçylar geçen ýyllarda hem galla oragyna işjeň gatnaşandyklaryny, bu ýyl bolsa has-da yhlasly zähmet çekjekdiklerini gürrüň berýärler.
Elbetde, kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň möwsüme birkemsiz taýýar edilmeginde kärhananyň ökde ussalarynyň ençemesiniň mynasyp goşantlarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Şonda olardan Parahat Saparow, Batyr Taýypow dagynyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda agzaýarlar. Çünki olar özleriniň iş orunlarynda göreldeli zähmet çekip, gündelik tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.
Şonuň ýaly-da, önümçilik kärhanasynda bugdaý oragy döwründe ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek boýunça hem degişli çäreler amala aşyrylýar. Bu barada kombaýnçylaryň, sürüjileriň, ýangyn-tehniki düzgünleriň berjaý edilmegine jogapkär adamlaryň arasynda gürrüňdeşlikler, maslahatlar guralýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy onuň üstünlikli geçirilmegine mümkinçilik berer.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.