Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan maldarçylykda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýän Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty Döwlet birleşiginiň welaýat bölüminiň agzybir maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şonda bölümiň hasabynda bar bolan 31074 ene dowardan 25886-a derek 26986 sany owlak-guzy öndürilip, meýilnama 104,2 göterim, 1799 ene düýeden 810 sany köşek alnyp, meýilnama 100 göterim berjaý edildi.
Gazanylan bu üstünliklere bölümiň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 15607 owlak-guzy, 470 köşek, Şabat etrabynyň çäginde hereket edýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 11379 owlak-guzy, 340 köşek öndürip, mynasyp goşant goşdular. Dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almakda tejribeli çopanlaryň onlarçasynyň has-da tapawutlanandyklaryny bellemek bolar. Şu möwsümde öndürilen owlak-guzularyň, köşekleriň ählisi ösdürmäge goýberildi. Munuň özi ýakyn wagtlarda täze sürüleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.