DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Saglygymyz öz elimizde

Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň!
Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!
Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň!
Yssy günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň!
Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary, buýanyň köküniň şiresini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň!
Iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý ediň! Iýmit önümlerini diňe söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talabalaýyk saklaň!
Arassaçylyk kadalaryny berjaý ediň!
Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýiň!
Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
Ýürek-damar, dem alyş ýollarynyň, howply täze döremeleriň, endokrin, nerw, iýmit-siňdiriş, böwrek we peşew çykaryş ulgamynyň, göz we görüşiň peselmeginiň, gulak, burun, bokurdak, diş we agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak üçin saglyk barlaglaryndan geçiň!
Ýeriň magnit hadysasynyň we howanyň üýtgäp durmagyna duýgur adamlaryň, dowamly we ýürek-damar, nerw kesellerden ejir çekýän näsaglaryň howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmagy maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň we onuň beren maslahatyny doly, dogry berjaý ediň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.