DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Watanyň bagtyýar nesilleri

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly bäsleşigiň birinji tapgyry welaýatymyzda uly ruhubelentlikde geçirildi.
Bagtyýar nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözelliklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine hem-de parahatçylyga bolan söýgini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bäsleşik berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesilleriň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 14 ýaşa çenli çagalaryň çeken surat eserleriniň sergisi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryldy. Emin agzalary bäsleşigiň düzgünine görä, zehinli çagalaryň 50 sany işini TMÝG-niň Merkezi geňeşine hödürlediler.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.