DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Ýaşaýyş hakynda aýdym

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uly dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan türkmen halysyna, halyçylyk sungatyna, ony şeýle kämil derejelere ýetiren gelin-gyzlara belent sarpanyň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halysynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, onuň döreýiş taryhyny öwrenmek boýunça çäksiz uly işleri amala aşyrdy. Muňa halkymyzyň Milli Lideriniň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda beýan edilýän wakalar, berilýän gürrüňler, getirilýän rowaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. «Janly rowaýat» kitabynda: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halk durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylarda guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwsüşi, dag çeşmesiniň şirrildisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy reňklerde ýüze çykýar» diýlip, çäksiz söýgi-guwanç bilen aýdylýar.
Belläp geçişimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň şeýle paýhasly ýörelgesini giňden dowam etdirmek bilen, halkymyzyň halyçylyk sungatyny ösdürmäge, bu babatda derwaýys şertleri döretmäge aýratyn uly üns berýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde täze halyçylyk kärhanalary açylýar, ozaldan bar bolanlarynyň mümkinçilikleri artdyrylýar. Mundan başga-da, türkmen halysyna bagyşlanan çäreler, sergiler, maslahatlar geçirilip, halyçylyk sungatynyň we halyçy gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Olara gatnaşýan, syn edýän ildeşlerimiziň, şonuň bilen birlikde-de, daşary ýurtly myhmanlaryň täsirli gürrüňleri muny aýdyň tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň döredýän şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, welaýatymyzyň çäklerinde hem halkymyzyň halyçylyk sungatyny, ýol-ýörelgelerini rowaçlandyrmaga gönükdirilen möhüm işler amala aşyrylýar. Bu babatda Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň we onuň etraplardaky önümhanalarynyň ussat halyçy gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän saldamlydyr.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyllarda olaryň ençemesi hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada, ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Bu belent hormat-sarpa bilen ruhy galkynan tejribeli halyçylar häzirki günlerde has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde-de olar ömürlerini bagyş eden kärleriniň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmek, şeýlelikde, bu gadymy hünäriň uzak geljege dowam etmegine goşant goşmak barada hem ýadawsyz alada edýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň şeýle sözleri bar: «Türkmen halysy — sungat, türkmen halysy — aň beýikligi, türkmeniň halysy — paýhasyň dabaralanmasy, türkmen halysy — heňňamlaryň ýaşaýyş baradaky soňlanmajak bakylyk aýdymydyr». Bu jümle hakykatdygy, jaýdardygy bilen her bir adamyň kalbyny buýsançdan doldurýar. Şonuň bilen birlikde-de, bu halkymyzyň gadymy sungatyna berlen ýokary bahadyr, onuň ýene-de has kämilleşjekdigine, bütin dünýä has-da belentden ýaň saljakdygyna berk ynamdyr.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.