DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Tanyşdyrylyş dabarasy

Pyragynyň paýhas ummanynyň genji-hazynasy
Ykbaly göterilen agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerini toý-baýrama besläp, ýagty geljegine ynamly barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän ajaýyp günlerinde akyldar şahyrymyzyň paýhas ummanynyň genji-hazynasyna öwrüljek täze «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar il-ulsumyz üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýatymyzda hem uly ruhubelentlikde geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport işgärleri, döredijilik wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi.
Soňra welaýatymyzyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow çykyş edip, akyldar şahyrymyzyň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly täze kitabyň neşir edilmegi bilen dabara gatnaşyjylary gutlady. Şeýle hem ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 17-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze, «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berendigi hem-de onuň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýändigi barada aýdanlaryny buýsanç bilen belläp geçdi.
Soňra bu ýerde çykyş edenler türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserleriniň täze neşiriniň halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Bellenilişi ýaly, kitapda akyldar şahyrymyzyň 271 sany goşgusy ýerleşdirilipdir. Kitap ýokary çap edijilik usulynda neşir edilip, ol beýik söz ussadynyň çeper keşbini suratlandyrýan ajaýyp suratlar bilen bezelipdir. Kitabyň 3 dilde aýratynlykda neşir edilmegi onuň daşary ýurtly okyjylar üçin hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Bular barada nygtamak bilen, çykyş edenler akyldar şahyryň eserleriniň ähmiýeti hakynda durup geçdiler.
Buýsançly çykyşlar bilen utgaşykly Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Çykyş eden döredijilik işgärleri ajaýyp kitabyň halkymyza sowgat berlen gününde paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň hem açylandygyny bellediler. Şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly döredijilik wekilleriniň heýkelleriniň ýerleşdirilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigini aýratyn nygtadylar.
Joşgunly çykyşlarda döredijilik işgärleri özleriniň kalbyndaky buýsanjyny dessanyň, goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusynyň aýdym bolup ýaňlanmagy hemmeleriň göwnüni ganatlandyrdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren «Ýaşa, Arkadagly Gahryman Serdar» atly ajaýyp aýdymy çäräniň şowhunly jemlemesi boldy.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.