DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Arkadag sahawaty — röwşen geljegiň kepili

Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak baradaky aladalarynyň netijesinde häzirki wagtda döwrebap saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sahawatly işlerini uly buýsanç bilen bellemek gerek.
Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi il saglygy hakynda uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şanly waka mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan bagtyýar nesilleriň hem-de olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagy has-da täsirli boldy. Bilşimiz ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna saglygyny dikelden welaýatymyzyň bagtyýar nesilleriniň we olaryň ata-eneleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlary bimöçberdir. Munuň şeýledigini döwrebap lukmançylyk enjamynyň sowgat berilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu enjam böwrek ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almakda we bejermekde örän uly ähmiýete eýedir.
Günsaýyn beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy barada alada ilkinji nobatda durýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen parasatly jümläni ýörelge edinen halkymyz saglyga aýratyn uly gadyr goýýar. Şeýle ajaýyp döwrebap lukmançylyk enjamyny sowgat beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il saglygy babatda durmuşa geçirýän beýik işleri diňe üstünliklere beslensin!

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.