DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Çagalaryň tomusky dynç alşy

Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerini gazanmak, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýaryşlarda çagalar öz aralarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlara bölünip bäsleşdiler. Bu bäsleşikler çagalarda ýakymly täsirleri galdyryp, olaryň sporta bolan höweslerini has-da artdyrdy. Çekeleşikli we guramaçylykly geçen ýaryşlarda ýeňiji diýlip yglan edilen toparlara welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.