DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Bilimler dünýäsine tarap ak ýol

Türkmenistanyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek möwsümine guramaçylykly badalga berildi.
Ýokary bilim almaga höwesli ýaşlaryň resmi iş kagyzlaryny tabşyrýan ýokary okuw jaýlarynyň arasynda Türkmen oba hojalyk instituty aýratyn orny eýeleýär. Institutda oba, tokaý we balyk hojalygy; weterinariýa we zootehniýa; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maşyngurluşyk; amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa; maglumat howpsuzlygy; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar.
Okuw jaýynda okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resmi iş kagyzlaryny kabul etmek üçin ýörite topar hereket edýär. Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlarynyň kabul edilýän her ugry boýunça ýörite ýazgylar esasynda ýaşlara gerekli maglumatlar elýeterli edilipdir. Resmi iş kagyzlaryny tabşyrmaga gelýän dalaşgärler bu ýerde özlerini güler ýüz bilen garşylaýan, gyzyklanýan sowallaryna anyk jogap almaga mümkinçilik döredýän mugallymlardan örän hoşaldyklaryny aýdýarlar.
Şu ýylyň 15-nji iýulyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek möwsümi guramaçylykly badalga aldy.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.