Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin zerur şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalaryndan ýerlikli peýdalanyp, netijeli hereket edýän önümçilik kärhanalary welaýatymyzda hem az däl. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän, azyk we iýmit önümlerini öndürýän «Sadaja» toplumydyr.
Toplumyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Gadam Orazdurdyýewiň aýtmagyna görä, bu kärhana halkymyzy gündelik isleg bildirilýän azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek maksady bilen 2020-nji ýylda işe girizilipdir. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça degerli çäreler durmuşa geçirilipdir.
Şeýlelikde, häzirki wagtda toplumyň bölümlerinde çörek we çörek önümleriniň, konditer önümleriniň 20-ä golaý, süýt önümleriniň ençeme görnüşleri öndürilip, ilata ýetirilýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň diňe bir öz welaýatymyzyň däl, eýsem, Lebap welaýatynyň söwda nokatlaryna hem ugradylýandygyny we ilatyň uly islegine mynasyp bolýandygyny aýtmak gerek.
Toplumda öndürilýän çörek we çörek, konditer önümleriniň hatarynda tamdyr hem-de galyply çörekler, ak, gülýaka, bally kökeler, birnäçe görnüşli keksler, biskwitler, ruletler, epmeler bar. Önümler dürli ölçeglerde, oňat bezelen gaplara salnyp, söwda nokatlaryna goýberilýär. Munuň özi hyrydarlar üçin örän oňaýly hem-de ünsi çekiji bolup, olaryň islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrylmagyna şert döredýär.
— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde olaryň önümçiligi giňeltmeklerine, öndürýän önümleriniň görnüşleriniň sanyny köpeltmeklerine uly mümkinçilikler açylýar — diýip, telekeçi ýigit Gadam Orazdurdyýew sözüni dowam etdi: — Şondan peýdalanyp biz hem ýaňy-ýakynda toplumymyzda süýt önümlerini öndürýän täze bölümi gurup, işe girizdik. Häzirki wagtda onda gatyk, gaýmak, aýran ýaly önümleri öndürmekligi ýola goýduk. Nesip bolsa, ýakyn günlerde bu ýerde beýleki süýt önümlerini, şol sanda, peýniriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça iş alyp bararys. Munuň üçin zerur enjamlary getirip, bölümimizde ornaşdyrdyk.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, toplumda ilatyň köp isleg bildirýän, ýokary hilli çörek we çörek konditer önümlerini, süýt önümlerini öndürmek boýunça ýola goýlan işler barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigini häzirki günlerde olardan birkemsiz ýüküni tutan ulaglaryň ençemesiniň çar tarapa, ýagny söwda nokatlaryna tarap ugur alýandygy hem anyk tassyklaýar. Şunlukda, olaryň kömegi bilen täze hem-de ýokary hilli azyk önümleri ildeşlerimiziň bereketli saçaklarynyň üstüni ýetirýär.
Toplumyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz telekeçilere uly ynam bildirýär, olar üçin giň ýollary açýar. Şunuň bilen baglylykda, ol bu kärhananyň işçi hünärmenlerini hem şeýle yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrýar. Olaryň arasynda Bägül Aşyrowa, Sülgün Kulyýewa, Amangözel Şajanowa, Şemşat Ataýewa, Allanur Abdyweliýew we beýlekiler bar.
— Biz — telekeçilere döredip berýän şertleri, bildirýän uly ynamy üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys — diýip, Gadam Orazdurdyýew buýsançly, alkyşly sözlerini beýan etdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.