Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek bilen bagly berlen tabşyryklardan ugur alyp, häzirki wagta welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleri dowam edýär.
Welaýatymyzda bar bolan 529 sany orta mekdebiň ählisiniň synp otaglarynda, dälizlerinde hem-de daş-töwereginde ýeňil abatlaýyş işleri geçirilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, orta mekdepleriň synp otaglary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Interaktiw tagtalar, multimedia tehnologiýalary, lingafon otaglary sanly bilim ulgamyny ösdürmäge, daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge ýardam berýär. Okuw otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, olaryň abatlygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän orta mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesliň kämil bilim-terbiýe almagyna gönükdirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda orta mekdeplerde bedenterbiýe sapaklarynyň girizilip, sport zallarynyň we meýdançalarynyň döwrebap ýagdaýda saklanylýandygyny aýratyn bellemek möhümdir. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaşlary sporta giňden çekmekde bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan şeýle işleriň ähmiýeti örän uludyr.
Orta mekdepler bilen birlikde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýeňil abatlaýyş işleriniň dowam edýändigini bellemeli. Çagalar baglarynda körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin oýun meýdançalarynda, ýörite otaglarda, sport meýdançalarynda abatlaýyş işleri döwrüň talabyna laýyklykda alnyp barylýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.