Durmuşyň sazlaşygy adamlar bilen gatnaşygyňda aýdyň duýulýar. Ynsan ömrüniň dowamynda özüniň nähili adamdygyny görkezýär. Halkymyzda: «Kimiň kimdigini wagt görkezer» diýlen aýtgy hem bar. Durmuş bize adalatly baha berýär. Ýollar bizi ýene-de menzilimize getirýär. Diýmek, durmuşyň her bir pursady biziň özümize bagly.
Halallyk baradaky durmuşy kyssalar hem ynsan ömri bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň edýän her bir işimiz, göterýän niýetimiz geljegimize düşelýän ýoldur. Biz öz hereketlerimiz bilen durmuşymyzy gurýarys, oňa bezeg, zynat, gelşik we many berýäris. Halallyk we ýagşylyk — bu ömür ýollaryna ýagtylykdyr. Ýagdaýy barka, elinden gelen haýyr-yhsanyny gaýgyrmadyk adamyň diňe bir özi däl, ýedi arkasy, nesil-neberesi döwlet tapýar. Bu hakda Gündogaryň gadymy dessanlarynda kän nygtalýar. Ertirki gün nähili durmuşda ýaşasymyz gelse, nähili ýollarda ýöremegi, gezmegi ýüregimize düwen bolsak, şu günki gün şoňa laýyk işleri etmegimiz gerek. Sebäbi ömrüň başlangyç pursatlary geljegiň binýadydyr.
Il arasynda aýdylyşy ýaly, eliň bilen deprege kaksaň, onuň sesi töwerege ýaňlanýar. Ykbal elimizdäki deprek, oňa nähili kaksak, şoňa görä hem ses, owaz ömrümize çaýylýar. Ile-güne nähili çemeleşsek, özgeler bilen gatnaşygymyzda nähili edep kadalaryna eýersek, göwünde, ýürekde neneňsi arzuw-niýetleri götersek, ertirki gün şol ýagdaýyň essesini görmek miýesser edýär. Muňa bolsa durmuşyň jogaby diýilýär.
Gadymy Gündogar akyldarlarynyň paýhasly sözlerinde ýaşaýyş, durmuş, geljek hakynda ýüregiňe jaý bolýan bir jümle bar: «Durmuş — bu biziň edýän işlerimiziň, özümizi alyp barşymyzyň ýaňydyr, hut şonuň özümiz babatda hem gaýtalanmasydyr». Ýogsam-da, bu gaýtalanmanyň, bu gaýtargynyň düýbünde biziň kalbymyzdaky niýetimiz, pälimiz durandyr. Olar durmuş mertebämize görä, bizi belentlige galdyrýandyr.
Ozalam bir adam uzak ýola kerwene goşulyp gidipdir. Şonda olar ýolugruna bir kerwensaraýda düşläpdirler. Çaý-suw içip, dynjyny alan ol adam kerwendäki akyldarlaryň birine: «Durmuşda adam üçin iň esasy zatlar näme?» diýip sowal beripdir. Şonda akyldar: «Durmuşda adam üçin iň esasy zatlaryň birinjisi saglyk, ikinjisi mertebe, üçünjisi ylym-bilimdir. Adamyň jany sag bolsa, mertebesini özüniň sahawatly, haýyrly hem-de ýagşy işleri bilen gazanar. Ylym-bilim bolsa durmuş ýoluňa ýagty saçýan, geljegi nurlandyrýan şamçyragdyr» diýip jogap beripdir. Tymsaldan görşümiz ýaly, ynsan üçin durmuşdaky wajyp zatlaryň biri abraý-mertebedir. Mertebeli ýaşaýşyň höziri bolsa başgadyr.
Durmuşyň gözelligi ynsan kalbynyň gözelligine deňdir. Durmuşyny gözelleşdirmek, geljegini nurlandyrmak her bir ynsanyň öz elinde. Şonuň üçin hem durmuşyň heňi her kimiň sazyna görä ýaňlanýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.