Ýangyndan ägä boluň!
Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, şulary ýatladýar:
Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlilikde gözegçilik edilmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan elektrik enjamlary gurnalanda elektrik ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijileriň ugrunda goraýjy enjamlar oturdylmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylaýyn geçip, gyzmaklygynyň öňüni almak üçin, olaryň jebis gysylyp durmagyny üpjün etmeli.
Elektrik geçirijileriň sütünleri berkidilende ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çenden aşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talaba laýyk däldir.
Hormatly ildeşler! Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy unutmaň!
Telefon belgilerimiz: 38-72-60; 9-20-99.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.