Saçaklarymyzyň ýaraşygy bolan gök önümler saglygymyzy däri-dermansyz dikeldýär. Olar hemmämiz üçin elýeterli.
Ýeralma — gündelik iýilýän önümleriň biri. Düzümi krahmala, witaminleriň B toparyna, askorbin turşusyna, mineral maddalara, kaliý duzuna baý. Ýüregiň, böwregiň, gan damarlarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Ýürek-damar, böwrek kesellerinde peýdaly. Onuň düzüminde belok az hem bolsa, hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan aminokislotalar bar. Ýeralmanyň belogy süýdüň düzümindäki beloga ýakyn, şoňa görä, onuň owmajy çagalara has haýyrly.
Käşir — onuň yzygiderli iýilmegi gözüň görüjiliginiň peselmeginiň öňüni alýar. Ganazlykda giňden ulanylýar. Ýaş çagalar, göwreli aýallar iýse, göwresindäki çaganyň kadaly boý almagyna ýardam berýär.
Şugundyr — aşgazandan, içegeden şire suwuklygynyň çykyşyny kadalaşdyrýar. Ýürek-damar sökelliklerinde, gan basyşy galanda, böwrek hem-de zenan kesellerinde iýmek nepli. Şugundyryň gyzyly howply çişde haýyrlanylanda, ondaky öýjükleriň ösmeginiň öňüni alýar. Adamyň bedenine ýygnanýan duzy, suwy çykarmak ýa-da horlanmak üçin şugundyr suwunyň peýdasynyň kändigini tejribeler görkezýär. Ýöne şugundyryň suwy içilende başyň aýlanmagy, ýüregiň bulanmagy mümkin. Şonuň üçin ony käşir suwy bilen 1/3 gatnaşykda gatyşdyryp kabul etmeli.
Kädi — ýürek-damar, böwrek, bagyr kesellerinde, iýmit siňmesi kynlaşanda, gan basyşy ýokarlananda, iç gatanda iýmek has peýdaly. Bedendäki mugthor gurçuklaryň öňüni almakda ýa-da düwürtikleri aýyrmakda onuň çigidini çigitlemek maslahat berilýär.
Rediska — synalara zerur witaminlere, askorbin turşusyna, ýoda, demre, kalsä, fosfora baý. Çagalaryň boýunyň ösmegine nepli, gan, nerw damarlarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Şoňa görä, ösüp barýan çagalara iýdirmeklik peýdaly. Ulular nerw damarlarynyň işleýşini kadaly saklamak üçin ulansa has haýyrly.
Kelem — düzüminde kaliý duzunyň kändigi sebäpli, ýürek etiniň (myşsasynyň) işini kadalaşdyrýar. Ter kelemiň suwy aşgazandaky, onikibarmak içegedäki ýarany bitirmäge ukyply. Adamyň bedenine ýag ýygnanmasynyň öňüni alýar, göwredäki suwuklygy köp çykarýar.
Pomidor — gan basyşynyň ýokarlanmagyndan kösenýänlere dermana derek, nahardan ýarym sagat soň pomidoryň suwuny içmeklik maslahat berilýär. Düzüminde kaliniň artykmaçlyk etmegi ýürek-damar kesellerinde peýdaly. Bitmesi kyn bolan ýaralaryň bitmesini hem tizleşdirýär.
Limon — askorbin turşusyna, efir ýagyna baý. Suwy çaýa ýa-da gaýnaga garylyp owurtlanylsa, wirusly keselleriň öňüni almaga peýdaly. Dümewläniňde gyzgynyňy aýyrmaga, adamyň bedeninden zäherli maddalary deri öýjükleri arkaly çykarmaga kömek edýär. Gan basyşy ýokarlananda, ony kadalaşdyrmakda haýry bar.
Garpyz — böwregi arassalaýar. Munuň üçin sagat 17:00-dan 21:00-a çenli peşewhaltada bioritmiň başlaýan pursady mylaýym wanna kabul etmeli hem-de garpyzy köpräk iýmeli. Ýyly suw peşew çykaryş ýollaryny giňeldýär, agyryny aýyrýar, şol wagt aýak ýoluna kän gatnadýar hem-de böwrek ýuwulýar. Peşew özi bilen böwrekdäki daşjagazlary hem alyp gidýär.
Noýba — düzümi beloga, uglewoda, ýaga, witaminlere baý önüm. Belogyň köplügi bilen etden soňra ikinji ýerde durýar. Süýji keselliler noýbanyň özüni hem-de gabygyny gaýnadyp, suwuny içseler, ganyň düzümindäki gandyň azalmagyna getirýär. Aşgazan sökellikleriniň öňüni almaga hem peýdasy uly.
Sogan — pasyl çalşygynda, howa üýtgände, kellagyra, ysgynsyzlyga uçranlar, saçy düşýänler, süňňi gowşap, tiz sowuklaýanlara kesellemegiň öňüni almakda peýdaly önüm hasaplanýar. Gijesine basyrganýanlar, ýatyp bilmeýänler onuň ýaşyny iýse peýdaly. Agzyňdan ysy gelmez ýaly, badyýan ýa-da limon bölejigini çeýnemeli.
Mekgejöwen — düzüminde askorbin turşusy, efir ýagy, witaminleriň B topary, K, E witaminleri kän. Onuň gulpagyny, özüni gaýnadyp içmek, iýmek sarylamada, öt haltanyň sowuklamasynda, içgeçmede hem-de böwrekde daş emele gelende, ýürek näsazlyklarynda peýdaly.
Sarymsak — düzüminde bakteriýalara täsirli askorbin turşusy, efir ýagy, witaminleriň B topary köp. Mikroblara, mugthor gurçuklara garşy, şeýle-de gan basyşyny kadalaşdyrmakda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, demgysmada, gakylyk gopmagynda, dümewiň ýokuşmazlygynda peýdaly. Akganlylygyň öňüni almakda, meňziň tebigylygynyň dikeldilmeginde peýdasy örän uludyr.
Badamjan — düzüminde B topara degişli hem-de PP witaminleri, askorbin turşusy, kaliý, kalsiý, fosfor, demir, magniý, natriý ýaly mineral maddalary jemleýär. Gan aýlanyşyny, dalagyň, beýniniň hyzmatlaryny sazlaşdyrýar. Ganda gemoglobini köpeldýär, bagryň daşynda ýag emele gelmeginiň garşysyna göreşýär. Süýji keselliler köpräk ulansalar gowy, sebäbi ol ganyň düzümindäki gandy azaldýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.