DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Täze tehnikalar gelip gowuşdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, gidrogeologiýa ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şonda hormatly Prezidentimiziň ulgamyň tehniki-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrundaky taýsyz tagallalary öz guwandyryjy netijelerini berip, alnyp barylýan gözleg-buraw işleriniň geriminiň giňeldilmegine, bu babatda öňde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine oňaýly şertleri döredýär. Golaýda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtdan satyn alyp beren, täze, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ýer burawlaýjy enjamlar bilen üpjün edilen kuwwatly ulaglaryň gelip gowuşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Belli bolşy ýaly, bu enjamlar ýeri 200 metr çuňluga çenli burawlamaga, şeýlelikde, ýerasty suwlaryň hilini, mukdaryny anyklamakda, topragyň düzümini kesgitlemekde we beýleki maksatlarda uly ýardam bermäge ukyplydyr. Bu ulaglar welaýatymyzyň çäklerinde durmuşa geçirilýän gidrogeologiýa, gözleg-burawlaýyş işleriniň has-da ýokary depginlerde dowam etdirilmegine önjeýli goşant goşar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri hormatly Prezidentimize gidrogeologiýa ulgamyny ösdürmek, netijeliligini ýokarlandyrmak babatdaky goldawlary üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.