Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak, okuwçylar we talyplar üçin zerur harytlar bilen üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 1-nji awgustdan welaýatymyzyň dürli künjeginde mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary hereket edip başlady.
Şadyýan tomsuň ahyrky aýy çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda ak mekdebe zerur bolan harytlary satyn alýan çagajyklaryň ýüzlerindäki şatlygy olaryň okuw ýylyna batly gadamlar bilen barýandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, mekdep harytlaryny halkymyza sanly ulgam arkaly hödürlemek we eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýuldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda göçme söwda nokatlary hereket edip, olarda okuwçy we talyp ýaşlara zerur harytlar bar.
Ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi netijesinde, bu harytlaryň köp böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigini bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýurdumyzda öz önümleri bilen tanalýan «Ýeňiş», «Gala» ýaly tikin fabrikleriniň tikin we «Röwşen» hususy kärhanasynyň aýakgap önümleri ilata elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen dürli görnüşli depderler, gündelikler özüniň göze gelüwliligi hem-de elýeterdigi bilen tapawutlanýar.
Şu ýylyň 5-nji sentýabryna çenli dowam etjek mekdep bazarlarynyň gyzgalaňly söwdasyny synlanyňda, halkymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, şol sanda bazar bolçulygynyň berekedine bolan buýsanjyň has-da artýar. Täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky bu gyzgalaňly möwsüm welaýatymyzda guramaçylykly dowam edýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.