Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna, milli medeniýetimize belent sarpa goýulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda uly ruhubelentlikde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi aýdym-saza höwesli, zehinli ýaşlaryň birnäçesini ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň özboluşly sungat baýramydyr. Bu telebäsleşikde ýerine ýetirilýän aýdymlar ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň belent waspyna öwrülýär» diýip belleýşi ýaly, bu bäsleşigiň welaýat tapgyry hem uly sungat baýramyna öwrüldi.
Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda özboluşly sungat baýramçylygyna tomaşa etmäge gelen bagtyýar ildeşlerimiz bäsleşige gatnaşýan höwesjeň aýdymçylary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna 10 höwesjeň aýdymçy gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, höwesjeň aýdymçylar öz saýlan aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bir sany aýdymy sazsyz ýerine ýetirip, özleriniň ses ukyplaryny görkezdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary boýunça eminler topary özleriniň maslahatlaryny berdiler. Sanly ulgam arkaly her bir bäsleşige gatnaşyjynyň çykyşyndan soňra, eminleriň beren bahalary hem görkezildi.
Gyzykly hem-de şowhunly geçen bäsleşigiň ahyrynda eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Dabaraly ýagdaýda Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri Aýşat Muradowa we Orazguly Jollyýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle hem milli medeniýetimizi we sungatymyzy sarpalaýan, ýaş zehinli aýdymçylara giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri joşgunly beýan edildi.
Soňra bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji aýdymy ýaňlandy. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine hem-de amala aşyrylýan beýik işlere bolan çäksiz hoşallygyň hem-de buýsanjyň nyşanyna öwrüldi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.