DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý ekişine badalga berildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bugdaý ekişi möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen birlikde, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm ähmiýetli işe 4-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Şu mynasybetli welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bu haýyrly çärä ykjam taýýarlyk görlüp, oňa bagyşlanylan dabaralara giň gerim berildi.
Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen ylmy-önümçilik maslahatyna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň, degişli edara-kärhanalaryň başlyklary, jogapkär işgärleri, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahaty welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew açyp, bereket-bolçulygyň gözbaşy bolan ak bugdaýyň ekişine girişilmegi mynasybetli bu ýere ýygnananlary, olaryň üsti bilen sebitiň ähli gallaçylaryny tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdi.
Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň güýzünde welaýatymyz boýunça 145 müň gektar meýdana bugdaý ekmek göz öňünde tutulyp, şu wagta çenli bu möwsüme taýýarlyk görmekde derwaýys işleriň esasy bölegi ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şonda meýdanlarda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly işlere öz wagtynda badalga berildi we olar öndürijilikli alnyp baryldy. Şonuň ýaly-da, ekişde ulanyljak tehnikalary abatlamak, taýýarlyk hatarynda goýmak barada ýeterlik alada edildi. Munuň özi şu gün welaýatymyzda başlanýan ekiş möwsüminiň ýokary depginde dowam etdirilmegine şert döredýär.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylda welaýatymyzyň edermen gallaçylary Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, ýurdumyz boýunça ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu bolsa gallaçy kärendeçileriň ýerden bol hasyl almaga bolan höwesini artdyrdy.
Bugdaý ekişiniň barşynda guramaçylyk işleriniň, tehniki hyzmatlaryň ygtybarly ýola goýulmagyna, howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine üns bermek wajyp wezipe bolup durýar. Şonuň üçin hem degişli ýolbaşçylaryň, ekişe gatnaşýan beýleki adamlaryň üstüne uly jogapkärçilik ýüklenilýär. Bu döwürde günüň her bir pursadyndan netijeli peýdalanylyp, ekişiň irki möhletlerde amala aşyrylmagy geljek ýylda bol hasylyň ýetişdirilmeginiň esasy şerti hasaplanylýar.
Welaýatymyzda bugdaý ekişine girişilmegine bagyşlanan dabaralar Türkmen oba hojalyk institutynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem guraldy. Olara gatnaşyjylar ata-babalarymyzyň ekerançylyk däpleri, meýdanlara ekiljek bugdaý tohumynyň taýýarlanylyşy, talyplara bilim berlişi bilen tanyşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň soňra Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna gelip, bu ýere ýygnanan mähellä goşulmagy bilen, tutulýan toý dabarasynyň şowhun-şagalaňy has-da artdy. Şu pursatda bu giň meýdanyň bir çetinde guralan ajaýyp görnüşdäki belent sahna, onuň gapdalyndaky bezemen ak öýler, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk, senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň sergileri hemmeleriň ünsüni çekdi. Şeýle hem ekiş möwsüminde ulanyljak täze traktorlaryň, olaryň iş gurallarynyň uzyn hatarlarynyň ýakymly görnüşleri aýratyn täsir galdyrdy. Uly mähellä joşgun berip, ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, päk zähmeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edip, belende göterilýän aýdym-sazlaryň şirin owazlary, çalasyn tanslaryň şowhuny toý dabarasyna özboluşly bezeg berdi.
Ynha, dabaranyň iň gyzgalaňly pursatlary ýetip gelýär. Il sylagly ýaşulularyň uly topary bugdaý tohumynyň ilkinji dänelerini «Bismilla» bilen meýdana sepýärler. Şol wagt olaryň birek-birege gutlag sözleri, gallaçy daýhanlarymyza edýän ýagşy arzuw-dilegleri eşidilýär. Olaryň bu hereketlerini, ýagşy arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen goldan köp sanly ildeşlerimiziň hem ýüz-gözlerinde şatlyk-buýsanç, täze ýylymyzyň galla hasylynyň has-da bereketli boljakdygyna uly ynam duýulýar.
Ýatda galyjy bu pursatlaryň dowamyny yzyna bugdaý ekiji gural tirkelen kuwwatly traktorlaryň sazlaşykly hereketleri alyp göterýär. Olaryň öňe tarap ýuwaşlyk bilen hereket edip, birkemsiz sürlüp, tekizlenilen meýdanyň ýumşak topragynda goýup barýan yzlary täsin nagyşlara çalym edýär. Bu görnüşleri synlan her bir adamyň ajaýyp döwrümiziň daýhan üçin döredýän mümkinçiliklerine, oňa berilýän goldawlara guwanjynyň çägi ýokdur.
Şeýle uly dabaralar, ýokary ruhy joşgun, agzybirlik bilen başlanan bu möwsümiň gallaçy daýhanlarymyza, olara ýardam berýän mehanizatorlara, hünärmenlere uly üstünlikleri getirjekdigini häzirden aýtmak bolar. Çünki köpçülik bolup, ýagşy arzuwlar bilen badalga berlen işler hemişe rowaç bolup gelýär. Ene topraga atan her bir tohumyňyz müň bolsun, edermen gallaçylar!

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.