DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir

Dil ynsana özüniň oý-pikirlerini, gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge-de mümkinçilik berýär. Mundan müňlerçe ýyl ozal üm-yşarat arkaly düşünişmekden söz diline geçilipdir. Halkymyzyň öz taryhy bolşy ýaly, ene dilimiziň-de köp asyrlyk baý taryhy bar. Ol iň gadymy türki dilleriň biri hasaplanylýar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäni beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde — sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi jähetdenem ol hiç bir dilden kem däl.
1990-njy ýylyň 24-nji maýynda «Dil hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr» diýýär. Kämilligiň bolsa çägi ýok. Garaşsyzlyk halkymyza diňe syýasy garaşsyzlygy däl, dil garaşsyzlygyny hem berdi. Ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmaty has giňeldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ol döwleti edara etmegiň, ylym-bilimiň, çeper edebiýatyň, metbugatyň, radio-telewideniýäniň dili hökmünde täze türkmen jemgyýetiniň öňündäki beýik borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Döwür ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmatyny, ulanylyş gerimini üzül-kesil giňeltmegi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Her bir döwrüň öz öňe çykarýan talaplary hem çözmeli meseleleri bolýar. XXI asyry tutuş dünýä boýunça alanyňda, aňyýet we tehnologik asyry diýip atlandyrmak dogry bolardy» diýip nygtaýar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň: «Çagaňa dili manysy bilen öwret!» diýen sargydynda-da diliň aňyýeti ösdürmekdäki hyzmatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Aňyýeti ösdürmekde-de, döwrebap bilim alyp, ösen tehnologiýa erk etmekde hem ene dilimiziň ähmiýeti uludyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyna döwletimiz tarapyndan yzygiderli üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Şeýle mümkinçiliklere ýol açýan, ýurdumyzda okamaga, döretmäge, işlemäge ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we onuň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.